JEMGYÝET

Türkmenabada täze halkara gatnaw ýola goýlar

2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Gruziýanyň Georgian Airways howa kompaniýasy Tbilisi ― Meýlan ― Türkmenabat ― Tbilisi ugry boýunça täze ýük howa gatnawyny açdy. Bu barada Tbilisidäki türkmen diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy Türkmenabadyň halkara aeroportyna salgylanyp habar berdi.

Bu ädim Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu ugur 2023-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri gruziýaly Geosky Georgian International Airlines howa kompaniýasy tarapyndan amala aşyrýan ýük howa gatnawynynyň üstüni doldurar. Olaryň uçuşlary Tbilisi ― Çžençžou ― Türkmenabat ― Saragosa ― Tbilisi ugry boýunça amala aşyrylýar.