TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabada gelýän ýokary tizlikli ýoluň gurluşygyna üns güýçlendiriler

Şu ýyl Türkmenistanyň taryhyndaky ilkinji awtobanyň Türkmenabat şäherine gelmegine üns gönükdiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Hökümetiň 24-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde Döwlet Baştutanyna hasabat berdi.
Aýdylyşy ýaly, şu ýylda maýa goýumlar döwlet we sebit ähmiýetli taslamalar bolan “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrlaryna, “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyna, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň möhüm bölegine, Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna, Balkan welaýatyndaky kuwwatlylygy 1574 megawat bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyna, Jebel şäherçesindäki täze Halkara howa menziline, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoluna, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köprä gönükdiriler. Sebitde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna aýratyn üns berler.
Şeýle hem ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýum serişdeleri ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy
desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: