Türkmenabada gelýän awtobanyň aýratynlyklary barada gürrüň berildi
«Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Lebap ulgamynyň önümçilik
bölüminiň ýolbaşçysy Sapar Agamyradow ýoluň Mary ― Türkmenabat böleginiň gurluş
aýratynlyklary barada welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
— Asfaltyň birinji gaty 10 santimetr, ikinji gaty 7 santimetr, üçünji gaty 5 santimetr galyňlykda goýulýar. Olardan öňinçä, kesgitli galyňlykda toprak we dört gat geotekstil, şeýle hem ýörite örtükleriň birnäçe görnüşi halkara ölçeglerine laýyklykda kesgitlenilen tertipde düşelýär. Awtoulag ýoly bir ugurda üç zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34, 5 metre barabardyr. Gurluşykçylarymyz taslamada kesgitlenilen ölçegleri pugta ýerine ýetirýärler — diýip, diýip, ol habarçynyň bu barada beren sowalyna jogap berdi.
Ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň üçünji tapgyry, ýagny, Mary — Türkmenabat bölegi ýoluň
312-nji kilometrinden başlanyp, 600-nji kilometrine çenli uzalýar.