TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabada gelýän awtobana asfalt düşelip başlandy

Aşgabat ― Türkmenabat awtobanynyň 30 kilometre ýakyn böleginde asfaltyň ikinji gatyny düşemek işleri tamamlanyp barýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde çap edilen uly göwrümli makalada aýdylýar.
Umuman, ýoluň galyňlygy 1 metrden hem geçer. Makalada görkezilişi ýaly, ilki bilen, ýoluň düşegi taýýarlanylyp, soňra geotekstil düşegi ýazylypdyr. Soňra iki gatly, ilki S-3 görnüşli 60 santimetrlik, soňra 20 santimetrlik S-6 görnüşli, onuň üstündenem 20 santimetrlik S-7 görnüşli çagyl-çäge garyndysy ýazylypdyr.
Awtobançylar şu işleri kemsiz dynybam, indi dört aýyň içidir, asfalt ýazmak bilen meşgul. Asfalt ýazmak işi hem üç gat — üç tapgyrdan ybarat. Ilki 10 santimetr galyňlykda iri daşly, gyzgyn-öýjükli, soňra 7 santimetr galyňlykda aram, soňra 5 santimetr galyňlykda ownuk daşly asfalt ýazylýar.
Ýagyş-ýagmyr ýaganda, ýola suw ýygnanmazlygy üçin ýapgytlyk derejesini saklamak, ýola agram düşende jaýrylmazlygy, islendik howa şertlerine tap getirip bilmegi üçin maýyşgaklygyny, dykyzlygyny sazlamak ýaly mümkinçilikler hem täze ýoluň gurluşygynda doly göz öňünde tutulýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

One thought on “Türkmenabada gelýän awtobana asfalt düşelip başlandy

Leave a Reply