TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen žurnalistleri Aktaudaky kuwwatly önümçilige baryp gördüler

Gazagystanda metbugat gezelenjinde bolýan türkmen žurnalistleri 1-nji iýunda Aktau welaýatynda ýerleşýän nebit önümçiliginde çykarylan suwy gaýtadan işleýän kärhana baryp gördüler. Welaýatyň merkezi şäherinden ýüzlerçe kilometr uzaklykda ýerleşýän kärhana Hytaý Halk Respublikasynyň “CITIC Environment Investment Group Co., Ltd” kompaniýasy tarapyndan guruldy we häzirki wagtda dolandyrylýar.
Bu sapara, ozal hem habar berlişi ýaly, “Türkmenistan” gazetiniň we “Jeyhun.news” habarlar portalynyň žurnalistleri gatnaşýar. 1-nji iýundaky tanyşlyk gezelenjiniň dowamynda olar bu ýerde isleýän ildeşlerimiz bilen hem söhbetdeş boldular. Kärhananyň önümhanasynyň ýolbaşcysy Smagul Sisenow bilen zähmeti goraýyş boýunça iňženeri Asan Mahitow Daşoguz welaýatynda doglupdylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan uçurym bolan S.Sisenow türkmen žurnalistlerine nebit bilen bilelikde çykýan suwuň gaýtadan işlenilişi we onuň nebit önümçiliginde ulanylyşy barada täsirli gürrüňleri berdi. Onuň aýdyşy ýaly, bu hytaý kompaniýasy nebit önümçiliginde diňe şu işe gatnaşýar.
Ýeri gelende aýtsak, “CITIC” kompaniýasy Aziýanyň we Afrikanyň köp sanly döwletlerinde alyp baran iri taslamalary bilen meşhurdyr. Gazagystanda bitum kärhanasyny hem guran kompaniýa Singapurda nebiti gaýtadan işleýji kärhanalarda galyndy hökmünde çykýan suwy gaýtadan işleýän kärhanany, Günorta Afrika Respublikasynda Grass-Kop ýaşaýyş toplumyny, Gabonda Senatyň binasyny, Nigerde Hassahana toplumyny, Mozambikde we Bagamada stadionlary, Müsürde Kair-hytaý mekdebini we beýleki iri desgalary gurdy.
Tanyşlyk-gezelenjiň dowamynda hytaý kompaniýalarynyň Türkmenistanda hem iri nebitgaz taslamalaryna gatnaşýandygy barada gürrüň berildi. Şolaryň hatarynda Amyderýanyň sag kenaryndaky “Bagtyýarlyk” çäginde alnyp barylýan işler barada nygtaldy.