«Türkmen ýyldyzy» 2,7 million metr elektrik geçirijisini öndürdi
«Türkmen ýyldyzy» hojalyk jemgyýetinde 2024-nji ýylyň başyndan şu döwre çenli öndüren önümi 2 million 700 müň şertli metre barabar boldy. Bu ýerde ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 million şertli metrdir.
Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklik üçin döredilip berilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan bu kärhana tarapyndan elektrik ulgamy boýunça dürli hyzmatlar – elektrik bekediniň, howa we kabel ulgamlarynyň taslama, düýpli abatlaýyş işleri, rele goragynyň sazlaýyş, elektrik enjamlarynyň, akkumulýatorlaryň synag işleri, elektrodwigatelleriň we transformatorlaryň bejergi işleri hem-de beýleki hyzmatlary amala aşyrylýar. Şu ýyl kärhana tarapyndan Daşoguz welaýatynda ýaňy-ýakynda açylyp ulanylmaga berlen 500 kilowatlyk güýjenmeli elektrik bekedinde sazlaýyş we synag işleri, Balkan welaýatynyň Gumdag şäherçesinde 500 kilowatlyk peseldiji beketde hem synag işleri ýerine ýetirilipdir.