TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy 70 göterimden geçdi

2024-nji ýylyň netijelerine görä, ýangyç-energetika toplumyny hasaba almanyňda, Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hususy pudagyň paýy 72,8%-e ýetdi. Bu görkeziji 2023-nji ýyldakydan 1,5 göterim ýokarydyr. Bu barada Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşiýew “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndageçirilen Türkmenistan Maýa goýum forumynda habar berdi.
Bellenilişi ýaly, hususy pudagyň paýynyň artmagy hususy işewürligiň maýa goýum taslamalaryna gatnaşygynyň köpelmegi bilen baglanyşyklydyr.