MEDENIÝET

Türkmen ýazyjylary bilen döredijilik duşuşygy geçirildi

Aşgabat şäherindäki Erkin döredijilik mekanynda «Halkyň Arkadagly zamanasynyň bahar bagtyýarlygy» atly temada halk ýazyjylarynyň we şahyrlaryň ýaşlar bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan. Altyn asyr» habar berýär.

Ony Türkmen döwlet neşirýat gullugy «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde boýunça söhbetdeşlik guradylar. Duşuşyga ýaş ýazyjylar, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary çagyryldy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, ýazyjy we dramaturg Kömek Kulyýew çykyş etdiler. Bu çärä Türkmenistanyň halk ýazyjysy Döwletgeldi Annamyradow we şahyr Süleýman Ilamanow hem gatnaşdylar.

Halypa söz ussatlary ýaşlara öz döredijiligi, bu ugurda äden ilkinji ädimleri we gadymy, ýöne baky juwan bahar baýramynyň – Nowruz baýramynyň belleniş däpleri barada gürrüň berdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: