Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda ýurduň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine talyp hakly esasda okamaga mümkinçilik alan türkmen ýaşlaryna okuwa kabul edilendigi baradaky resminamalary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 9-synda talyplaryň müňe golaýy, orta mekdepleriň 10-synda bolsa 5 müň 700 töweregi okuwçy hytaý dilini öwrenýär.
Türkmen talyplarynyň 6 müň 500-den gowragy Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ojaklarynda dürli hünär ugurlary boýunça bilim alýarlar. Şolaryň 250-si hökümetara ylalaşyklaryň çäginde okaýan ýaşlardyr.
Habarda bellenilişi ýaly, Sinszýan-Uýgur awtonom raýony tarapyndan türkmenistanly raýatlaryň 100-sine grant esasynda okamak üçin ýer bölünip berlipdir, eýýäm 2025 ― 2026-njy okuw ýylyndan olaryň 95-si bu ýurtda okuwyny dowam etdirmäge mümkinçilik aldylar.
Türkmen ýaşlarynyň bir topary Hytaýda talyp hakly okamaga hukuk gazandy
27
Aug

