Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda akademik alyş-çalyşygy we hyzmatdaşlyk hakyndaky Ähtnama laýyklykda, uniwersitetiň üç talyby Ýaponiýa döwletinde bilim alarlar. 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan, 2026-njy ýylyň 31-nji awgusty aralygynda dowam etjek maksatnama inženerçilik, informatika, ynsanperwerlik we ösen tehnologiýalar ýaly ugurlary öz içine alýar. Bu barada
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu maksatnama gatnaşýan talyplar hünär taýýarlygyny kämilleşdirer, akademiki tejribesini artdyrar, dürli medeniýetleri öwrener hem-de öz ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenler hökmünde taýýarlanar.
Türkmen ýaşlary Ýaponiýada bilim alar
25
Sep
