BILIM

Türkmen ýaşlary Rumyniýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim alarlar

Milli ykdysadyýetimizi ýokary bilimli hünärmenler bilen üpjün etmek maksady bilen, 2026-2027-nji okuw ýylynda birnäçe möhüm ugurlar boýunça türkmen ýaşlary Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa iberiler. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda ýaşlaryň maglumat tehnologiýalary, lukmançylyk, oba hojalygy we inženerçilik ýaly ileri tutulýan hünärler boýunça bilim almagynyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaşlaryň dünýäniň abraýly okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek baradaky teklibi makullap, wise-premýere hünärmenleri saýlap-seçip almak we okuwa ibermek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.