TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen ýaşlary halkara taslama gatnaşar

Türkmen ýaşlary şu ýyl 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň
80 ýyllygyna bagyşlanan «Hatyra otlusy» taslamasyna gatnaşar. Bu barada resmi sapar bilen
Türkmenistanda bolan Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Inna Swýatenko habar berdi diýip, «TASS» ýazýar.
«Russiýa we Türkmenistan bilelikde ýaş nesliň terbiýesini we olaryň ösüşini gowulandyrmak üçin köp işleri edýärler. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlary Russiýanyň we GDA ýurtlarynyň wekilleri bilen bilelikde Russiýanyň we Belarussiýanyň senatorlary tarapyndan başy başlanan, 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda sowet halkynyň gazanan Ýeňşiniň 80 ýyllygyna bagyşlanan «Hatyra otlusy» taslamasyna gatnaşar» diýip, ol «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň hatyrasyna halkara işiniň ösüşi» atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi.
«Hatyra otlusy» taslamasy ilkinji gezek 2022-nji ýylda Russiýanyň we Belarus Respublikasynyň parlamentleriniň ýokary palatalary – Federasiýa Geňeşi we Respublika Geňeşi hem-de «Rossiýskiýe železnyýe dorogi» (RŽD) bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilipdi. Şonda bu taslama her bir ýurtdan 100 okuwçy gatnaşypdy. 2023-nji ýylda bu taslama Russiýadan 90, Belarus Respublikasyndan 70, Ermenistandan we Gyrgyzystandan 20 sany ýokary synp mekdep okuwçysy gatnaşdy.