Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Hökümetiň 6-njy dekabrda geçirilen mejlisinde gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okuw
meýilnamalaryny we maksatnamalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler
dowam etdirildi. Mekdep okuwçylarydyr talyplar halkara ders, internet
bäsleşiklerinde ýokary netijeleri görkezip, jemi 821 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzda halkara
olimpiadalaryň we bäsleşikleriň 17-si, halkara ylmy-amaly maslahatlaryň 9-sy
geçirildi. Hasabat döwründe ylmyň, tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary
boýunça golýazmalar we oýlap tapyşlar seljerilip, şolaryň 2221-si makullanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, «Innowasiýalar, täze
tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III
türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy guramaçylykly geçirildi. Forumyň
jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi. Şeýle hem hasabat döwründe amaly lukmançylyga öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullary
ornaşdyryldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Kararlary bilen, 2024 — 2028-nji ýyllarda ýurdumyzda
fiziologiýa ylmyny ösdürmek, lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş işi hem-de
immuno-öňüni alyş boýunça möhüm resminamalar tassyklanyldy.
Türkmen ýaşlary halkara bilim bäsleşiklerinde 800-den gowrak medal gazandylar

07
Dec