SYÝASAT

Türkmen wekiliýeti Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisine gatnaşdy

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Moskwada, RF-de Owganystan boýunça geňeşmeleriň Moskwa formatynyň mejlisi geçirildi. Çärä 10-dan gowrak döwletleriň wekilleri, şol sanda owgan hökümetiniň wekiliýeti hem gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Moskwada geçirilýän nobatdaky foruma Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Nobatdaky köptaraplaýyn dialogyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Owganystanda ynsanperwerlik çökgünliginiň öňüniň alynmagy, şeýle-de bu ýurtda hemmetaraplaýyn ösüş mümkinçilikleriniň üpjün edilmegi boýunça halkara bileleşiginiň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy şeýle formatda geçirilýän yzygiderli duşuşyklaryň owgan topragynda hem-de onuň çäginden daşarda durnuklylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen täze çemeleşmeleriň we utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmegine itergi berýändigini belläp geçdi.