MEDENIÝET

Türkmen wekili aýdymçylaryň yklym bäsleşigine gatnaşýar

Ýaş aýdymçy Döwran Şammyýew «Silk Way Star» atly aýdym-saz bäsleşiginde Türkmenistana wekilçilik edýär. Häzirki wagtda Astanada bu bäsleşigiň surata düşüriliş işleri başlandy.
Bu Aziýanyň ilkinji wokal bäsleşigi bolup, oňa 12 döwletiň – Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Gruziýanyň, Malaýziýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň ýerine ýetirijileri gatnaşýarlar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» internet neşiri habar berýär.
Guramaçylaryň bellemeklerine görä, jemi 10 bölüm surata düşüriler. Bäsleşigiň üç dilde — gazak, hytaý we iňlis dillerinde tomaşaçylara ýetirilmegi bilen oňa bir milliarddan gowrak adam tomaşa eder.
Gatnaşyjylaryň arasyndan iň gowy 7 wokalist 22-nji noýabrda göni ýaýlymda geçiriljek «Uly finala» gatnaşmaga hukuk gazanar.