TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen we hytaý kompaniýalary himiýa senagaty boýunça hyzmatdaşlyk ederler

Türkmenistanyň “Garagum” hojalyk jemgyýeti bilen Hytaýyň “CNEC” (China
Nuclear Industry Fifth Construction Co., Ltd.) kompaniýasy himiýa senagatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Degişli resminama gol çekmek dabarasy 3 – 5-nji noýabrda Aşgabat şäherinde geçirilen “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergisiniň (CIET 2024) çäklerinde geçirildi. 
“Garagum” hojalyk jemgyýetiniň düzümine girýän “Garagum Nonwoven”
kärhanasy spanbond, meltblaun, spanmelt ýaly dokalmadyk önümleri
öndürýän Merkezi Aziýada öňdebaryjy kompaniýalaryň biri hökmünde özüni
tanatdy. Bu ýerde örtük, öňlük we iş eşikleri ýaly taýýar önümleriň önümçiligi
hem ýola goýlandyr. 
“China Nuclear Engineering & Construction Corporation Limited” (CNEC)
korporasiýasynyň agzasy “CNEC” (China Nuclear Industry Fifth Construction
Co., Ltd.) kompaniýasy “China National Nuclear Corporation” (CNNC)
kompaniýasynyň möhüm birligidir. Ol milli goranyş, atom energetikasy we
senagat gurluşygy ulgamlaryndaky taslamalara ýöriteleşen iri toplumlaýyn
gurluşyk kompaniýasy bolup durýar.