SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen türgenleri «Aziýanyň çagalary» II gyşky Halkara sport oýunlaryna gatnaşarlar

Türkmenistanyň ýetginjek şort-trekçileri we figuraçylary «Aziýanyň çagalary» II gyşky Halkara sport oýunlaryna gatnaşarlar. Ýaryşlar 2023-nji ýylyň 23-nji fewralyndan 5-nji marty aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Kemerowo oblastynda geçiriler. Oýunlar 16 we ondan kiçi ýaşly çagalar üçin geçirilýär.

Ýaryşlara Türkmenistandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Liwandan, Nepaldan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan we Russiýanyň sekiz sebitinden wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Türkmen türgenleri şort-trek we figuralaýyn typmak boýunça ýaryşlara gatnaşarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: