SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen türgeni Ragitbek Bekçanow halkara ýaryşynda 6 altyn medal gazandy

18 — 22-nji dekabr aralygynda Russiýa Federasiýasynda söweş sungatlarynyň XXI halkara spartakiadasy geçirildi. Dünýäniň onlarça ýurdundan türgenleri bir ýere jemlän bu ýaryşda türkmenistanly türgen Ragitbek Bekçanow mas-restling boýunça 70 kg çenli agram derejesinde ýurdumyza wekilçilik etdi. Ol ýaryşyň dowamynda fiziki taýýarlygy we taktiki ussatlygy bilen ähli garşydaşlaryndan üstün çykdy.
Bekçanow ýaryş maksatnamalarynda birbada alty altyn medal gazanyp, taryhy netije görkezdi. Bu ýeňiş Türkmenistanyň halkara sportdaky abraýyny has-da artdyryp, milli sportumyzyň ösüşini we türgenlerimiziň taýýarlygyny dünýä jemgyýetçiligine subut etdi.