Babadaýhanlarymyz ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanylýan türkmen topragyndan pagtanyň, guşgursak bugdaýyň, şalynyň, bakja hem gök önümleriň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, sebitlerde gurlan pagta arassalaýjy zawodlar hem bu düzümleriň üstüni ýetirdi. Bu önümçilik düzümlerinde ýokary gögerişi kepillendirjek tohumlar taýýarlanylýar. Şeýle tohumlaryň ulanylmagy gowaçany ýekelemek ýaly hysyrdyly we zähmeti köp talap edýän işi ýerine ýetirmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Ýörite usul bilen taýýarlanylýan tohumlyk çigidi adatça harçlanýan çykdajyny 4 essä golaý azaltmaga ýardam berýär.
Bereketli topragymyzyň hümmetini artdyrmak, ilaty özümizde öndürilýän, ýokary hilli, elýeter bahaly azyk önümleri bilen üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipelerriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda öňde goýan jogapkärli wezipelerini durmuşa geçirmek işine edermen babadaýhanlarymyz hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olaryň netijeli işlemekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Geçen ýyllarda gök, bakja ekinleriniň, miweli baglaryň, üzümleriň meýdany ep-esli giňeldildi. Daýhanlar ekiş üçin ýokary hilli tohumlar,
mineral dökünler, ekinleri bejermek üçin tehnikalar bilen hem bökdençsiz üpjün edilýär. Önüm öndürilişiniň düýpli artdyrylmagy olary ýerleşdirmek, gyş üçin saklamak bilen baglanyşykly möhüm meseleleri çözmegi hem talap edýär. Tomusda we güýzde taýýarlanan önümleriň belli bir bölegini saklamak üçin welaýatlarda sowadyjy ammarlar gurlup, ulanmaga berildi.
Ýurdumyzda daýhan birleşikleriniň ekerançylyk ýerlerini netijeli peýdalanmak, oba hojalyk pudagyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek, döwlet tabşyrygyna girýän bugdaýy we gowaça ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin daýhanlara amatly şertleri döretmek, ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we täze usullaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak maksady bilen, degişli kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň netijesinde oba hojalyk pudagynda giň gerimli işlere badalga berlip, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhanlary tohum, tehnika, dökün, suw bilen üpjün etmek, tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek we beýleki goldaw-hemaýatlary bermek bilen bagly edilýän tagallalar
özüniň oňyn netijesini berip, oba zähmetkeşlerini päk zähmete ruhlandyrýar. Şeýle bolansoň daýhanlarymyz sahawatly topraga hyzmatyny, yhlas-azabyny gaýgyrman zähmet çekip, Watanymyzyň bereket-bolçulygyna saldamly goşandyny goşýarlar. Daýhanlarymyzyň her biri ýylboýy tutanýerli zähmet çekip, Hasyl toýuna mynasyp önümçilik görkezijileri bilen barmagyň arzuwynda. Oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl alyp, ajaýyp toýy zähmet sowgady bilen garşylaýan babadaýhanlarymyzyň sany az däldir. Şeýle daýhanlarymyz Hasyl toýuna uly
şatlyk, begenç we buýsanç bilen barýarlar. Edermen daýhanlarymyzyň çekýän irginsiz zähmetine mynasyp baha berilmegi, döwletimizde oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertleriň döredilmegi ählimiziň göwnümizi galkyndyrýar. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetini barha kämilleşdirip, häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrmakda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Gurbangül EMINOWA,
Çärjew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy.
