21 — 26-njy sentýabr aralygynda Gazagystanyň Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň III halkara teatr festiwaly geçirildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen bu festiwala Türkmenistanyň teatr artistleri hem işjeň gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Halkara festiwala Türkmenistandan Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň döredijilik topary gatnaşdy. Festiwalyň çäklerinde türkmenistanly teatr artistleri Ç.Işangulyýewiň hem-de A.Berdiýewiň pýesasy esasynda Ö.Galandarowyň sahnalaşdyran «Baýram han Türkmen» atly drama eserini görkezdiler. Bu sahna oýnunda XVI asyrda Hindistanda Babyr soltan tarapyndan esaslandyrylan Mogollar şadöwletinde «Hanlar hany» hormatly döwlet derejesine eýe bolan Baýram hanyň başdan
geçiren wakalary, gahrymançylygy ussat serkerdäniň öz şygyrlarynda beýan eden maglumatlarynyň esasynda janlandyryldy.
Türkmen teatry halkara bäsleşikde baş baýraga mynasyp boldy
30
Sep

