Türkmen tamdyrynyň taryhy
Türkmeniň tamdyrlary, adam eli bilen döredilen gudrat derejesine ýetirilipdir. Pikir edip görüň, seleňläp oturan ak öýüň gapdalynda ýönekeýje tamdyrdyr welin, onuň hiç ýerinde demir goşundysy ýokdur. Diňe yrym edip aşaky bosaga teňňe kakýarlar. Ýönekeýligiň şeýle beýiklige galan nusgasyny başga bir ýerde görübem bolýan däldir. Eger dünýä ösüşine, gurluşyna haýsam bolsa bir üýtgeşik zady goşup bilen halk güýçli bolsa, şu manyda biziň halkymyzyň hem buýsanmaga haky bar. Sebäbi onuň adamzada peşgeş beren zady bir ýa-da iki däl.
Türkmeniň tamdyrlary hem şolaryň biri diýilse, söz ulaltdygy bolmaz. Geçen müňýyllyklaryň dowamynda örän köp zatlar özgerdi. Muňa garamazdan, çörek bişirilýän tamdyr birjik-de üýtgemän, asyl durkuny saklap galypdyr. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, gadymy Oguzlar oda we ýalyna «tam», «tamdu» diýipdirler. Türkmen dilçi alymy Mahmut Kaşgarly «tamdu» sözüni çot ýak», «tutaşdyr» manysynda ulanypdyr. «Tamdyr» adalgasynyň ikinji «dyr» bölegi hem ir eýýamlarda «dur» görnüşinde bolup, ol «ýanýan» manysynda ulanypdyr.
Diýmek, «tamdyr» sözi, aslynda, «ot ýakylýan ýer», «ojak» manysynda ýüze çykypdyr.
Tamdyr Aziýa halklarynyň arasynda dürli tagamlary taýýarlamak we çörek bişirmek üçin, öňden bäri ulanylýan şar görnüşli özboluşly peçdir. Jaýlary ýylatmak üçin taýy bolmadyk bu desga dini dessurlar we kesel bejermek maksatlar ücin hem ulanylypdvr. Tamdyr Ermenistanda, Gruziýada, Gyrgyzystanda,
Ispaniýada, şeýle hem Hytaýyň demirgazyk- günbatarynda, Russiýanyň günortasynda, Gazagystanda, Krymda, Täjigistanda we Hindistanda giňden ýaýrapdyr. Türkmenistanyň alymlarynyň Namazga l döwrüniň (Göksüýriniň golaýyndaky şäherçe) gatlaklarynda geçiren arheologik gazuw-agtaryş işleri
gadymy ilatyň çig kerpiç jaýlarda ýaşandygyna şaýatlyk edýär. Bu jaýlarda häzirki zaman türkmen tamdyrlaryna meňzeş ýarym tegelek peçler oturdylypdyr. 1964-1965-nji ýyllarda alymlar Ak-Depede arheologik işleri amala aşyrdylar. Akdepe galasynyň töweregindäki obanyň medeni durmuşyny aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, arheologlar çukur gazyp, birnäçe jaýy açyga çykardylar. Galanyň gündogar böleginde tegelek tamdyryň yzlary tapyldy. Bu maglumatlar häzirki türkmenleriň we olaryň gadymy ata- babalarynyň maddy medeniýetiniň şol bir zatdygyna gönüden-göni şaýatlyk edýầr. Orta asyr taryhçylary Anuştegin nesilşalygynyň Horezmşah döwletinde çörek bişirmek üçin ýarym şar şekilli peç görnüşiniň giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýärler.
Demirçi küreleri gurluşlarynyň dürlüligi bilen tapawutlanypdyrlar, olaryň arasynda ýerzemini, ýerüsti we göçme görnüşler bolupdyr, ýöne olaryň hemmesi-de diwarlaryny hem daşyndan,hem içinden berkitmek üçin, ýokary gyzgynlyga çydamly palçykdan gurlupdyr. Birinji gat üçin palçygy, takmynan gaty plastilin ýaly goýy we düzümi boýunça birmeňzeş bolmagy üçin, depgiläp eýläpdirler.
Käwagtlar oňa gyrkylan ýuň ýa-da saman goşupdyrlar. Ojak, beýikligi 1 metr, diametri 35 – 40 santimetr bolan silindr görnüşli desga boupdyr. Tamdyr salmagyň iň gyzgalaňly möwsümi tomusuň jokrama yssy
günlerinde amala aşyrylýar. Daşyndan göräýmäge, tamdyr juda ýönekeý, diýseň adaty gurnawda ýasalýar. Ony ýasamak üçin diňe suw bilen palçyk gerek ýalydyr.
Ýöne hakykatda welin, edil beýle-de däl. Tamdyr ýasamagyň kämil usullary nesilden nesillere geçirilip, şu güne çenli saklanyp gelinýär. Tamdyr ýasaýanlara il içinde «Tamdyrçylar» diýýärler.
Tamdyr ýasamagyň tertibiniň yzygiderli, gyşarnyksyz berjaý edilmeli berk düzgünleri bar. Olaryň ýeke biriniň gözden salynmagy işiň bitişine selçeňlik salyp bilýär. Bilşimiz ýaly, Pugta – tamdyryň piri hasaplanyp tamdyr salynanda, Pir-Pugta çagyrylýar. Tamdyr salynanda öňi bilen sähetli günleriň biri seçilip alnyp «Bissimillah» diýip işe başlanylýar. Mukaddes tamdyry ýasamak işi öz içine hiç bir halkyňka meňzemeýän birnäçe täsin däpleri alýar. Fizika ylmynda «biomeýdan» diýen düşünje bar. Biomeýdan giden bir meýdanyň içindäki aýratyn bölek bolup ekerançylyk ýa-da gurluşyk işlerine ýarawsyz bolýar. Bu ýeri adam saglygy üçin hem zyýanly hasaplanýar. Ata-baba nesilden nesle geçip gelen tamdyry ýasamak däbinde türkmen zenany bu meseläni öz- özünden çözüpdir.
Sähetli güni zenan tamdyryň hemişelik durjak ýeri diýip çak eden ýeriniň «duzuny» barlap görýär. Halkymyzyň mähriban enä deňeyän topragyndan üç çümmük alynyp dadylýar. Topragyň tagamy mukaddes tamdyr ýasaýan zenanyň göwnüne ýarasa, onda ol bu ýeri saylap alýar. Has dogrusy kalplar birleşyär. Ruh arşa göterilýär. Mukaddes tamdyr arassa toýundan arassa toýundan ýasalýar.
Arassa toýun owradylýar. Duz atylýar. Ýanan samanyň külkesi ýa-da halynyň garyndysy toýun bilen bilelikde suwa garylýar. Bu garyndy birnäçe gün saklanylýar. Oňa «palçygyň demini bermek» diýilýär. Demini alan palçyk ýugrumy yeten hamyra meňzeýär. Palçyga göwni ýeten zenan işe başlaýar.
Túrkmeni mukaddes tamdyry hiç hili çyzgysyz, ölçegsiz diňe zenanyň göz öňüne getirişi boýunça ýasalýar. Ol zenandan aýratyn ukyby talap edýär. Körük tamdyr üçin uly ähmiýete eýe. Şol sebäpden täze tamdyryň topragyny ýagny düýbüni esaslandyranda zenan onuň yerini göz çeni bilen goýýar. Sözleýişde: «Belany körügi» ýa-da «Öýümiň körügi» diýen ýaly meňzetmeler giňden ulanylýar.
Getirilen meňzetmeler hem körügiň tamdyr üçin nä derejede wajypdygyny açyk-aýdyň edýär. Körük tamdyryň içinde ýanýan oduň şemal çekmegini we soňra onuň içindäki küli aýyrmakda peýdalanylýar.
MURATOW Döwlet,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirilen 31-nji orta mekdebiň okuwçysy