Aşgabat şäherindäki Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasynyň (OMOUS – 2026) ýapylyş dabarasy geçirilip, ýeňijiler sylaglanyldy. Bu abraýly bäsleşikde türkmen talyplary ýokary netijeleri görkezmek bilen, umumy san boýunça öňdeligi eýelediler.
Şahsy bäsleşikde gazanylan medallaryň sany boýunça Türkmenistan 198 medal bilen birinji orna mynasyp boldy. Ondan soň Özbegistan 103 medal bilen ikinji, Russiýa bolsa 30 medal bilen üçünji orny eýeledi. Toparlaýyn bäsleşikleriň netijeleri boýunça hem türkmen toparlary öňe saýlanyp, jemi 13 baýrakly orny gazandylar. Özbegistanyň toparlaryna 10, Russiýanyň toparlaryna bolsa 7 baýrakly
orun degişlidir.
Şeýle-de bu halkara olimpiadada Gresiýanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hem-de Niderlandlaryň wekilleri hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Bu bolsa bäsleşigiň giň halkara gerimini we ýokary derejesini görkezýär. Aşgabatda şeýle uly derejedäki ylmy bäsleşigiň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly üns berýändiginiň nobatdaky
subutnamasyna öwrüldi. Guramaçylaryň belleýşi ýaly, şeýle intelektual çäreler dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de öňdebaryjy tejribeleri özara alyşmaga giň mümkinçilik döredýär.
Türkmen talyplary OMOUS – 2026-nyň ýeňijisi boldular
30
Mar

