Türkmen talyplary maliýe howpsuzlygy boýunça talyplaryň 2-nji Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Maliýe howpsuzlygy boýunça talyplaryň 2-nji Halkara olimpiadasynyň «halkara gatnaşyklary» nominasyýasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Baýnazar Nepesow birinji orny eýeledi. Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetiniň talyby Atajan Metjiýew bola şu nominasiýada ikinji orna mynasyp boldy.

Olimpiada Russiýadan başga-da, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Braziliýanyň, Hindistanyň, Günorta Afrika Respublikasynyň, Hytaýyň we Türkmenistanyň talylary gatnaşdylar. Olimpiadanyň başynda on müň töweregi talyp finala çykmak üçin göreşdi. Olaryň 115-si Türkmenistandandy. Netijede Türkmenistandan on talyp finala çykdy. Olaryň dördüsi Halkara ynsanperwer bilimleri we ösüş uniwersitetiniň, üçüsi Türkmen döwlet ykdysady we maliýe uniwersitetiniň talyplarydyr. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwrsitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň hersinde bir talyp finala çykdy.

Olimpiada Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherindäki «Sirius» Ylym we sungat parkynda geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector