BILIM

Türkmen talyplary «Iň gowy daşary ýurtly talyp — 2021» bäsleşiginiň ýeňijileri boldular

I.N.Ulýanow adyndaky Çuwaş döwlet uniwersitetiniň talyplary Arzuw Agamamedowa (lukmançylyk fakultetiniň 5-nji kursy) we Muhammedali Sabirow (daşary ýurt dilleri fakultetiniň 4-nji kursy) Halkara talyplar güni mynasybetli guralan çäreleriň çäklerinde geçirlen «Iň gowy daşary ýurtly talyp — 2021» bäsleşiginiň baýragynyň eýeleri boldular. Bu barada kazan.tmconsulate.gov.tm salgylanmak bilen, «turkmenportal.com» habar berýär.

Türkmenistandan baran talyplar diplom, kubok, uniwersitetiň kalendary we höweslendiriji baýrak bilen sylaglanyldy.