Türkmen talyplary halkara ders bäsleşiginde 22 medal gazandylar
Türkmen talyplary nobatdaky intellektual bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Bu gezek olar 15-nji Halkara matematika olimpiadasyna (15th International Internet Mathematical Olympiad) gatnaşdylar we «ylymlaryň şasynyň» iň güýçli bilgirleri bilen bäsdeşlikde üstünlikli çykyş edip, altyn, kümüş we bürünç medallaryň 22-sini gazandylar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Matematikleriň arasynda her ýyl geçirilýän geçirilýän bu ýaryşy Ysraýylyň Ariel uniwersiteti gurady. Olimpiada uzak aralyk görnüşinde geçirildi we özüniň onlaýn meýdançasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Beýik Britaniýadan, Belarusdan, Polşadan, Çehiýadan, Russiýadan, Rumyniýadan, Hindistandan Ysraýyldan we Türkmenistandan 400 töweregi talyplary birleşdirdi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň toparynda dokuz ýokary okuw jaýynyň talyplary çykyş etdiler.