BILIM

Türkmen talyby halkara matematika olimpiadasynda kümüş medala mynasyp boldy

Günorta-gündogar Ýewropa ýurtlarynyň Matematika guramasy tarapyndan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda guralan 20-nji Halkara matematika olimpiadasynda ýurdumyzyň ýaşlary ýene bir gezek uly üstünlik gazandylar. Ýewropanyň we Aziýanyň 10-dan gowrak döwletinden 200-e golaý zehinli talybyň gatnaşmagynda geçirilen bu abraýly bäsleşikde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby ýokary netije görkezdi. Institutyň «Matematika we informatika» hünäriniň 2-nji ýyl talyby Myrat Janmyradow öz bilim ukyplaryny we ýiti zehinini subut edip, halkara bäsleşiginiň kümüş medalyna mynasyp boldy.
“Matematika” ugry boýunça okaýan 1-3-nji ýyl talyplarynyň arasynda geçirilen bu olimpiadada gazanylan ýeňiş, türkmen bilim ulgamynyň dünýä derejesindäki abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Halkara derejesinde gazanylýan bu ajaýyp üstünlikler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikleriniň hem-de türkmen talyplarynyň ylym älemindäki zehininiň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň miwesidir. Myrat Janmyradowyň gazanan bu medaly ýurdumyzyň mugallymçylyk mekdebiniň ýokary taýýarlyk derejesini ýene bir gezek äşgär etdi.