«Türkmen şöhle» hojalyk jemgyýetiniň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän plastmassa önümleriniň önümçiligi kärhanasynda plastmassa önümleriniň görnüşi 200-den gowragy öndürilýär.
Kärhanada öndürilýän ýokary hilli plastmassa önümleri daşary bazarda bäsdeşlige ukyply önümler hasaplanýar. Hojalyk harytlarynyň önümleri bilen birlikde bu ýerde oturgyçlardyr, stollaryň, dürli göwrümli sebetleriň, suwa we zir-zibillere niýetlenen bedreleriň, mejimelerdir legenleriň, çörek tagtalarynyň we gaplarynyň, güldanlaryň, süzgüçleriň, sabyn gaplarynyň, çekerleriň, asgyçlaryň, daraklaryň, çaga oýnawaçlarynyň hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlaryň diňe bir berkligine däl, daşky bezegine hem ähmiýet berilýär.
Bu barada «Ahal durmuşy» gazeti habar berýär.

