YKDYSADYÝET

«Türkmen senet» hojalyk jemgyýetinde bir gezek ulanylýan lukmançylyk eşikleriniň önümçiligi ýola goýuldy

«Türkmen senet» hojalyk jemgyýetinde ýylda dokalmadyk materialyň (spunbond) 2,5 müň tonnasyny öndürilýär.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän bu kärhanada bu önüm rulon görnüşinde öndürilýär. Önümler lukmançylyk eşiklerini we esbaplaryny, ýorgan-düşek taýýarlamakda, gurluşyk materiallaryny, ýantorbalary, örtükleri, arassaçylyk serişdelerini öndürmekde ulanylýar. Önümçilik çig maly hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle-de Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylýar.

Kärhanada bir gezek ulanylýan lukmançylyk eşikleriniň, aýakgap örtükleriniň, operasiýa otaglary üçin bir gezek ulanylýan serişdeleriň önümçiligi hem ýola goýuldy. Kärhananyň öndürip başlan dokalmadyk matadan dürli reňkli ýantorbalaryň täze görnüşleri-de bar. Önümler müşderileriň islegine görä, buýurmalar esasynda hem öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: