Türkmen samboçylary Aziýanyň we Okeaniýanyň bilelikdäki çempionatynda medallara mynasyp bolýarlar
Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde sambo boýunça Aziýa we Okeaniýanyň çempionaty badalga aldy. Oňa dünýäniň köp sanly ýurdundan türgenler gatnaşýar.
Türkmen samboçylary halkara ýaryşyň ilkinji gününde 6 medal gazanyp, özüniň sport ussatlygyny görkezdiler. Türkmen türgenleri hususan-da sport sambosy boýunça geçirilen
ýaryşlarda baýrak münberine çykmagy başardy.
Erkekleriň arasynda 58 kg agramda Muhammetmyrat Babekow hem-de 98 kg agramda
Bezirgen Begenjow kümüş medalyň, 64 kg agramda bolsa Sapar Döwletow bürün medalyň
eýesi boldy.
Zenan türgenleriň arasynda bolsa, 50 kg agramda Aziza Nazarow, 54 kg agramda Zuleýha
Hudaýberdiýewa hem-de 59 kg agramda Merjen Joraýewa bürünç medal gazandylar.
Umuna, ýaryşy ilkinji gününde hem erkek hem-de zenan türgenlerimiz oňat nerijeler görkezdiler.
Daşkentdäki halkara ýaryş dowam edýär.