TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen-rus biznes-forumy geçiriler

Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasy 20-nji oktýabrda onlaýn görnüşinde «Täze çagyryşlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri» atly türkmen-rus biznes forumyň boljakdygyny habar berýär, diýip, «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty ýazýar.

Baş maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek bolan bu çäre indi sekizinji gezek geçirilýär. Senagat önümçiligi, oba hojalygy, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalary ösdürmek pudaklarynda türkmen we rus şereketleriniň arasynda has ysnyşykly arabaglanyşygy ýola goýmak öňde duran forumyň ileri tutýan wezipeleriniň käbirleridir.

Foruma gatnaşmaga ýerli iş adamlary we telekeçiler çagyrylýarlar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: