LUKMANÇYLYK

Türkmen raýatlarynyň koronawirus baradaky bilimlerini artdyrmak maksady bilen çärelere badalga berildi

BMG-niň Türkmenistandaky ýurt topary ýurduň raýatlarynyň koronawirus baradaky bilimlerini artdyrmak maksady bilen habar beriş çärelerine badalga berdi. BMG-niň hünärmenleri bu maglumatlar ýalan habarlar bilen göreşmäge we raýatlary ýalan habarlar bilen aldawa salanlarynda, düşündiriş işlerini dogry dolandyrmaga ýardam eder diýip hasaplaýarlar. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky metbugat gullugy habar berýär, diýip, «centralasia.news» ýazýar.

Dekabr aýynda Türkmenistandaky BMG-niň koronawirusyň dürli görnüşleri, öňüni alyş işleriniň möhümdigi, koronawirus ýokanjy we çagalar, pandeimiýadan soňky döwür we gaýtadan sanjym almak barada dogry habarlar bilen paýlaşandygyny ýatladýarys.