TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen-özbek ykdysady forumynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine gol çekildi

4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistana resmi saparynyň çäklerinde Daşkendiň ägirt uly häzirki zaman toplumynda — “Ýaşnabad” innowasion tehnoparkynda türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň 13-sine, şol sanda jemi ABŞ-nyň 13,5 million dollaryna golaý bolan eksport-import amallaryny amala aşyrmak baradaky resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalaryna açyk asmanyň astyndaky meýdançada goýlan, Özbegistanda öndürilýän awtoulaglar hem-de oba hojalyk tehnikalary görkezildi, bu tehnikalar eýýäm Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özüniň netijelidigini subut etdi. Binanyň içinde hem daşary bazarlarda uly islege eýe bolan Özbegistanda öndürilýän harytlaryň dürli görnüşleri görkezildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewürler toparlarynyň ýolbaşçylarynyň syn beriş çykyşlarynda dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna işjeň goşulyşýan goňşy ýurtlaryň üstünlikli amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň many-mazmuny açylyp görkezildi.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işi hem giňden beýan edildi. Forumyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň agzalary geljegi has uly bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleriň birnäçesini bellediler. Iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, önümçilik birleşmelerini giňeltmek we çuňlaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary döretmek, täze tehnologik işläp düzmeleri ulanmak hem-de innowasion ykdysadyýeti döretmek boýunça işjeň tejribe alyşmak bilelikdäki işiň esasy ugrudyr.

Forum tamamlanandan soň, aýry-aýry ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: