2024-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 867,8 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň
hasabatynda maglumat berildi.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 780,6 million ABŞ dollaryna
deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty
87,2 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Degişli döwürde Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 42,7 milliard
ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,7
milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 6,6 göterim ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň
ýanwar-awgust aýlarynda 805,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 6,6 göterim ýokarlandy
12
Nov
