TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň
arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň
boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň
hasabatynda maglumat berildi.
Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 964,9 million ABŞ dollaryna
deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty
110,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.
Özbegistanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 59,4 milliard ABŞ dollaryna deň
bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,1 milliard ABŞ dollary
möçberinde ýa-da 3,6 göterim ýokarlandy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň
ýanwar-oktýabr aýlarynda 947,7 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: