Türkmen-özbek gatnaşyklary sanlarda we maglumatlarda
Ozal hem habar berşimiz ýaly, düýn 21-nji noýabrda Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň we Özbegistan
Respublikasynyň II sebitara forumy geçirildi. Bu ýerde Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisi guraldy. Bu çäreler hoşniýetli goňşuçylyga daýanýan türkmen-özbek söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, sebitleriň arasyndaky özara gatnaşyklary anyk mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.
TÜRKMEN-ÖZBEK YKDYSADY GATNAŞYKLARY SANLARDA:
– Soňky bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň
arasyndaky haryt dolanyşygy iki esseden gowrak artdy.
– Geçen ýyl iki döwletiň arasyndaky söwdanyň möçberi 1 milliard amerikan
dollaryndan geçdi.
– Şu ýylyň 10 aýyndaky görkeziji 940 million amerikan dollaryna ýetdi.
– Iki goňşy döwlet ýakyn ýyllarda özara söwdanyň möçberini 2 milliard
amerikan dollaryna çenli ýetirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin
ýurtlarymyzda ähli mümkinçilikler bar.
– Şu ýylyň tomsunda Daşkent şäherinde «Türkmenistanda öndürildi» diýen
at bilen geçirilen milli sergi özbek bazary üçin ýurdumyzyň ykdysady
mümkinçiliklerini açyp görkezen bolsa, şu gezek edil şeýle mümkinçilik
özbek işewürleri üçin döredildi. – Goňşy döwlet bilen ýurdumyzyň Daşoguz wela ýatynyň çägindäki
serhetýaka çäkde söwda zolagynyň düýbüniň tutulandygy ýadyňyzdadyr.
Edil şeýle zolagy Lebap we Buhara welaýatlarynyň arasynda-da döretmek
meýilleşdirilýär.
– Bu gezekki sergide «UzAvtosanoat» paýdarlar jemgyýetine degişli
tehnikalaryň uly toplumy görkezildi.
– Daşkendiň traktor zawodynyň täze öndüren traktorlary-da döwrebap
mümkinçilikleri we köp işleri başarýandygy bilen tapawutlanýar. Şu ýyl bu
zawod Daşoguz welaýatyna has döwrebap, telematik mümkinçilikleri
bolan traktorlaryň 20-den gowragyny ugratdy.