1937-nji ýylda ilkinji türkmen milli sazly teatrynyň açylyşyna taýýarlyklar başlanýar. Eýýäm şol wagtlarda açylan wokal we balet bölümlerinden ybarat bolan türkmen opera studiýasy öz işine başlapdy. Onuň düzümini sazçylyk uçilişesiniň ýokary kurslarynda okaýan talyplar we çeper höwesjeňler düzýär. 1941-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “Zöhre we Tahyr” operasy bilen Türkmen opera we balet teatry öz zähmetini ilkinji gezek halk köpçüligine ýetirýär. Sahna eseri halkyň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başarýar. 1943-nji ýylda iki sany sahna eserleri, ýagny, A.Şapoşnikowyň “Gül we Bilbil” hem-de Ý. Meýtus bilen A. Kulyýewiň “Abadan” operalary sahnalaşdyrylýar.
Eserleriň ikisi hem gahrymançylykly temada ýazylandyr. Emma teatryň “Gül we Bilbil” operasyny goýanda klassik mirasyň özleşdirilmegine ýüzleý garalandygyny, heniz bu babatda tejribäniň pes bolandygyny düşündirmek bolýar.
Baştutanymyz milli operany gaýtadan dikeltmekligiň zerurdygyny we bu işe saz sungatynyň şu ugrundaky ýurdymyzyň görnükli hünärmenlerini çekmekligiň gerekdigini nygtady.
Ýatdan çykmajak çuňňur manyly bu duşuşykdan soňra, 2008-nji ýylyň 27-nji iýunynda döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy hem-de goldawy netijesinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda täzeden dikeldilen “Şasenem we Garyp” operasy ilkinji gezek halka ýetirildi. Operada çykyş edýän gahrymanlaryň arasyndaky ýerine ýetirijilik aýratynlygy esasan 4 ugur bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Olar: 1) kompozitoryň görkezmeleri; 2) dirižýoryň bellikleri, onuň goşandy; 3) eseriň dramaturgiýasy we şol wagtda bolup geçýän atmosferasy; 4) ses belentligi, aýdymyň ýerine ýetirilişi. Opera sahnasynda manyly dymmagy başarmak bolsa elbetde dramatiki teatrdan hem birnäçe esse kyn. “Haçan-da Onegin – “Когда бы жизнь домашним кругом…” ariozasyny aýdyp durka ähli gözler oňa däl-de Tatýana – M. Kulyýewanyň aljyraňly ýüzüne, gözüne, onuň dertli ejir çekýän doňup duran göwresine öwrülýär. Bu opera tejribesinde seýrek ýagdaý bolup durýar.
Adamlara göwünlerini göterjek bolup jan edýän şadyýan, goldaw Sapar çaýçynyň obrazyny tomaşaçy diýseň gowy garşylady. Respublikanyň at gazanan artisti Habyp Mammetýarowyň ýerine ýetirmeginde ol halamazça-da däl. Artist degişme sahnasyny oýnan, obrazyň ýürekden ýol salýanlygy, dogruçyllygy bilen
özüne bent edýär. Saparyň söýgülisi Bibä ýüzlenip aýdýan aýdymy operanyň partiturasynyň iň gowy sahypalarynyň biri bolup çykypdyr. Operalarda aýdymlar ýerine ýetirilende aýdymçynyň häsiýetli aýratynlyklaryna laýyklykda ýüze çykýan görnüşler: aýdymçynyň kompozitoryň görkezmelerinden ugur alýandygy hem özüniň uly bolmadyk goşandyny goşýandygy; aýdymçynyň ses göwrümine hem
tembrine laýyklykda aýdymyň owazlanyş aýratynlygynyň ýüze çykarylýandygy aýdyňlaşdyryldy.
Türkmen opera sungatynyň ösmegine goşant goşan tanymal professional aýdymçylaryň birnäçesiniň döredijilik işleri bilen baglanyşykly maglumatlar jemlenilip, bu sahna ussatlarynyň başarnyklary beýan edildi. Olardan Hojaw Annadurdyýew, Maýa Kulyýewa, Ýolaman Hummaýew, Habyp Mämmetýarow,
Medeniýet Şahberdiýewa, Atageldi Garýagdyýew we başga-da birnäçe sungat ägirtlerini bellemek zerurdyr.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň howandarlygynda opera sungatynyň jadyly dünýäsine gaýtadan jan girmegi, türkmen sungatyna uly hormatdyr. Her ýylyň iýun aýynyň soňky ongünliginde geçirilýän Medeniýet hepdeligi halkymyzyň ruhy ýörelgesini görkezip, medeniýetimiziň mundan beýläkde ösmegine, döredijilik işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşmegine uly itergi berýär. Opera sungatynyň ösmegine täzeden ýol açylmagy, Medeniýet hepdeligiň çäklerinde görkezilýän opera eserleriniň many- mazmun taýdan dürli häsiýetde bolmagy, türkmen halkynyň baý medenýetiniň barlygyndan nyşandyr.
ABDURAŞIDOWA Jennet,
Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky
TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň III ýyl talyby.