YKDYSADYÝET

Türkmen önüm öndürijileriniň önümleri daşary ýurtly alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň we Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna uçar kerosinini hem-de gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şonuň ýaly-da, Irlandiýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Owganystanyň telekeçileri portland semendini, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi daşary ýurt puluna aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million 372 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkiýäniň we Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri manat serişdelerine umumy bahasy 2 million manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Türkmenistanyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 49 million manada golaý bolan nebit bitumyny, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: