YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynyň eksport mümkinçilikleri artýar

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda geçen alty aýda regenerirlenen ýüplügiň 176,5 tonnasy Türkiýä iberildi. Onuň 123 tonnadan gowragy geçen aýda öndürilendir.

Şonuň ýaly-da, bu ýurda nah pagtanyň 166 tonnadan gowragy ugradyldy. Şu döwürde bu ýerde nah pagtanyň 435,74 tonnasy öndürildi. Şeýle hem, kendir görnüşli watiniň 153 müň 100 metre ýakyny çykaryldy. Onuň 36 müň metri Gyrgyzystana iberildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: