YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Işini Türkmenabat şäherinde alyp barýan «Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda şu ýylyň ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň depgini ep esli arty.

Ýylyň başyndan bäri bu ýerde kendir görnüşli watiniň 84 müň metre ýakyny öndürildi. Kendir matasynyň çykarylyşy hem 43,5 müň metre ýakynlady. Bu görkezijileriň ikisi hem geçen ýylyň ýanwar aýyndakysyndan ep-esli köpdür. Şonyň ýaly-da, 31 tonnadan gowrak pamyk öndürildi.

Kendir görnüşli watiniň 18 müň metri bolsa daşary ýurda eksport edildi. Kärhananyň önümini gyrgyzystanly işewür satyn aldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: