YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda geçen iki aýda 2 million 70 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri dokma materiallardan edilen önümleriň 85 tonnasy öndürildi. Netijede 714 müň 728 manatlyk iş ýerine ýetirildi. Dokma däl materiallardan edilen önümleriň ýerlenilmeginden bolsa 1 million 357 müň 997 manat gazanyldy. Şonda öndürilen önümiň mukdary hem 178 müň inedördül metre barabar boldy.

Bu hususy kärhanada  geçen ýylda jemi 10 million 589 müň manatlykdan gowrak önüm öndürilip, sarp edijilere ýetirdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: