YKDYSADYÝET

«Türkmen ojagy» hususy kärhanasy önümçilik depgini ýokarlanýar

 «Türkmen ojagy» hususy kärhanasynda şu ýylyň  geçen üç aýynda kendir görnüşli watiniň 54 müň 462 metrden gowragy öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esseden hem köpdür. Has takygy, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu önümiň 23 müň 880 metri çykaryldy.

Şu ýylky öndürilen kendir görnüşli watiniň esasy bölegi mart aýynda öndürildi. Baharyň ilkinji aýynda öndürilen önüm 44 müň 250 metre barabar boldy.

Hususy kärhanada öndürilen kendir matanyň möçberi bolsa 99 müň 160 metrden geçdi. Onuň 39 müň 290 metrden gowragy bolsa mart aýynda çykaryldy. Şonuň ýaly-da, bu ýerde 381,6 tonna nah pagta hem öndürildi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkisinden alty esseden gowrak köpdür. Şu ýyl öndürilen nah pagtanyň 37 tonnasy mart aýyna düşýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: