- UNCATEGORIZED

Türkmen milli walýutasynyň dolanyşyga girizilenine 26 ýyl boldy

Türkmen milli walýutasy bolan manadyň dolanyşyga girizilenine ýigrimi alty ýyl geçdi. Şu wagtyň içinde manat özüni ygtybarly töleg serişdesi hökmünde görkezdi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň bank ulgamy ýurduň çalt ösýän ulgamlarynyň birine öwrüldi. Onuň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly möçberli maliýe goýumlaryny talap edýän taslamalary maliýeleşdirmäge, ýuridiki we şahsy taraplara dürli bank hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýär. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň girizilmegi bolsa müşderilere edilýän hyzmatlaryň hilini we tizligini ýokarlandyrdy. Bütin ýurtda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem ykdysadyýete we söwda nagt däl hasaplaşyk görnüşleri girizilýär. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde hyzmatlaryň «internet-bank», «mobil-bank» ýaly täze görnüşleri peýda boldy. Bu bolsa gije-gündiziň islendik wagty islendik ýerden nagt däl hasaplaşyk geçirmäge mümkinçilik döretdi.

Oýlanyşykly alnyp barylýan karzlaşdyryş syýasaty makroykdysadyýetiň ösmegi bilen bir hatarda daşary ýurtlardan getirilýänleriň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalary bolan kiçi telekeçiligiň, daýhan hojalyklarynyň emele gelmegine we ösmegine giň ýol açdy. Ipoteka, ýaş maşgalalara kömek we şunuň ýaly beýleki belli bir ugra gönükdirilen karzlardan adamlar höwes bilen peýdalanýarlar. Ilata bank goýumlarynyň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Поделиться ссылкой: