Lebap welaýat baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasy bilen bilelikde türkmen manadynyň dolanyşyga girizilen gününe bagyşlap, dabaraly maslahat geçirdi. Oňa bank ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar.
Onda türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň Garaşsyzlygy berkitmekdäki ähmiýeti, ýurduň içindäki ykdysady gatnaşyklarda, söwda hyzmatlarynda onuň tutýan orny barada giňişleýin gürrüň edildi. Bank işiniň döwrüň talaplaryna laýyk kämilleşdirilişi, onuň işine sanly ulgamyň ornaşdyrylmagynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýän hyzmatlary ýola goýmaga berýän mümkinçilikleri hakynda hem pikir alyşdylar. Döwlet eýeçiligindäki kärhanalara, telekeçilere we beýleki şahsy taraplara banklar tarapyndan berilýän ýeňillikli karzlaryň ykdysadyýeti ösdürmekdäki, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdaky orny hem açylyp görkezildi.
Türkmen milli manady 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda dolanyşyga girizildi.
Bank ulgamynda köp ýyllap yhlasly zähmet çeken, ýokary netijeleri görkezen hünärmenlere Türkmenistanyň Döwlet edaralarynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.