TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilenine 27 ýyl dolýar

Şu gün türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilenine 27 ýyl dolýar. Manat Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk kanuny töleg serişdesi bolup durýar. Onuň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmeginde, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatyny we netijeli bank işini alyp barmakda wajyp orny eýeledi.
Kagyz pullaryň we teňňeleriň bahasyny, agramyny, şekilini we beýleki häsiýetlerini Türkmenistanyň Merkezi banky kesgitleýär. Bir manat 100 teňňä deňdir. Türkmenistanyň Merkezi banky kagyz pullaryň çap edilmegini (teňňeleriň zikgelenmegini), dolanyşyga goýberilmedik kagyz pullaryň (teňňeleriň) saklanylmagyny we daşalmagyny üpjün edýär.
Döwrüň talaplaryna laýyklykda müşderilere bank hyzmatlarynyň täze görnüşleri hödürlenilýär. Internet ulgamyndan peýdalanylmagy hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrýar we hilini ýokarlandyrýar.
Häzirki wagtda nagt däl töleg ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany baha artýar. Bu ugurda müşderilere dürli hyzmatlaryň täze görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda «Cash back» (edilen nagt däl tölegleriň we hasaplaşyklaryň belli bir mukdaryny yzyna gaýdyp almak), «Owerdraft» (kartdan karz almak) we beýeleki hyzmatlar bar. «Goýum bank karty» we «Maşgala» bank kartlarynyň eýeleriniň sany artýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply