TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmen metbugaty: «Täze toplum Lebap welaýatyny ösdürmegiň bir tapgyry bolar»

«Türkmenistan» gazetinde Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze toplumyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýazylan makalada bu desganyň Lebap welaýatynyň ykdysady galkynyşyna goşjak goşandyna ýokary baha berilýär. Makalada bellenilişi ýaly, «Bu desga Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň bir tapgyry bolup, gündogar sebitiň senagat mümkinçiliklerini geljekki ösüşlere
gönükdirmekde-de wajyp ädimdir».
Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda düýbi tutulan, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak toplumda bir ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty öndüriler. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny hem-de beýleki içerki sarp edijileri ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.