BIZE YAZYARLAR

Türkmen medeniýeti


Döwlet Baştutanymyzyň milli däplerimizi aýawly saklamaga ägirt uly ähmiýet bermegi netijesinde jemgyýeti ösdürmegiň maksatlaryny gazanmak üçin täze pikirleri we taslamalary medeniýet ulgamyna çekmek göz öňünde tutulýar. Bu, ilkinji nobatda, edebi çeşmeler hakynda ýadygärlik bolup, onuň üsti bilen halkymyzyň durmuşyny many-mazmun we döredijilik ylhamy bilen baýlaşdyrýan düşünje amala aşyrylýar. Şu ugurda möhüm meselelere we wezipelere düýpli çemeleşýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döredijilik gözleginiň, medeniýet, teatr we kino işgärleriniň, ýazyjylaryň, žurnalistleriň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeni merkezleriň işgärleriniň işinde özboluşly çözgütleriň zerurdygyny belleýär. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşyny kemala getirmekde ähmiýetli orny eýeleýär. Hawa, bu gün medeniýet we sungat işgärleriniň öňünde döredijilik we hünär ussatlygyny artdyrmak üçin uly mümkinçilik açylýar. Şu mümkinçilikleriň ulanylmagy bolsa türkmen jemgyýetinde bolup geçýän oňyn özgertmeleri doly derejede şöhlelendirmäge, ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini wagyz etmäge hem-de ýetilen sepgitler bilen öňde goýlan maksatlary deňeşdirmäge, türkmen halkynyň nobatdaky üstünliklere tarap ynamly gadamlaryny artdyrmaga ýardam etmelidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda dürli festiwallar we bäsleşikler, şol sanda halkara derejedäki bäsleşikler geçirilip, olara diňe ýurdumyzyň däl-de, eýsem, daşary ýurtlaryň sungat ussatlary we ýaş zehinleri gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri öz nobatynda daşary ýurtlarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip, halklaryň ýakynlaşmagyna, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna dostlukly gatnaşyklary has-da berkitmäge ýardam edýärler. 
Türkmen jemgyýetinde bolup geçýän özgertmeler medeniýetiň ähli ugurlaryny — opera sungatyndan we simfoniki sazyndan başlap, sirk we dynç alyş ulgamyna çenli ähli ugurlary gurşap aldy. Şonuň bilen birlikde, jemgyýetimizde milli medeniýetimiziň ruhy özboluşlylygyna düşünmek günsaýyn berkeýär. Onuň mirasy täze mazmuna eýe bolup, şunda döwlet Baştutanymyzyň türkmen medeniýetiniň taryhyna we özboluşlylygyna, halkymyzyň sungatyna bagyşlanan işleri aýratyn orny eýeleýär. 


DURDYÝEW Ysmaýyl,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş
bölüminiň 123-nji okuw toparynyň talyby.