Türkmen medeniýeti köp müňýyllyk taryhy bolan, ruhy baýlyklary we maddy gymmatlyklary özünde jemleýän beýik sungatdyr. Halkymyzyň döreden her bir eseri, meşhur halylarymyzdan başlap, jadyly dutarymyzyň owazyna çenli, türkmen ruhunyň sarsmazlygyny görkezýär. Dünýäni haýrana goýýan «behişdi» bedewlerimiz bolsa bu medeniýetiň iň wepaly we gözel sütünleriniň biridir. Milliligiň nyşany bolan zergärçilik sungaty we milli lybaslarymyz halkymyzyň nepislik baradaky düşünjesini açyp görkezýär. Şeýle hem, gadymy Merwiň we Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri geçmişiň beýik medeniýetiniň şaýadydyr. Biziň medeniýetimiz dine bir geçmiş däl, eýsem şu günümizi we geljegimizi ýagtylandyrýan egsilmez bir çeşmedir. Türkmen sungaty we edebiýaty parahatçylyk, ynsanperwerlik we gözellik ýörelgelerine esaslanýar. Ýaş nesiller hökmünde biz bu gymmatlyklary öwrenmek we dünýä ýaýmak bilen buýsanmalydyrys. Sebäbi medeniýeti bar bolan halkyň döwleti bakydyr, geljegi bolsa röşendir. Milli mirasymyzy goramak her birimiziň mukaddes perzentlik borjumyzdyr. Bu baý hazyna dünýä medeniýetiniň aýrylmaz we iň gymmatly bölegi hökmünde hemişe dabaralanar.
ÝAZGYLYÇOW Yslam,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň
103-nji okuw toparynyň talyby.
