JEMGYÝET

Türkmen lukmanlary Türkiýede ýer titremesinden ejir çekenlere kömek bererler

Türkmenistan käbir sebitleriniň güýçli ýer titremesinden ejir çeken Türk Respublikasyna ynsanperwer kömegini iberdi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Buýruk berdi.

Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: