SPORT WE SYÝAHAT

Türkmen küştçüsi  grossmeýster

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) türkmenistanly küştçi Meýlis Annaberdiýewe grossmeýster derejesini berdi.

37 ýaşly küştçi grossmeýsterlige hukuk berýän 2500 utuklyk reýting çäginden geçdi.  Ol türkmenistanly küştçüleriň arasynda iň uly reýting utugynyň eýesidir. Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşlaryň birnäçesiniň baýrakly orunlarynyň eýesidir. Şeýle hem ol Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionydyr. Ol 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda bürünç medala mynasyp boldy.

Küşt dünýäsinde türkmenistanly grossmeýsterleriň sanynyň indi 7-ä ýetmegi ýakymlydyr.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: