Türkmen küştçüleri baýrak gaznasy 20 müň dollar bolan ýaryşa gatnaşýarlar
2-nji aprelde Almaty şäherinde küşt boýunça Dünýä kubogyny almak ugrunda saýlama bäsleşigi bolan 3.4 Aziýa zolagynyň çempionaty başlandy. Bäsleşige Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan, Özbegistan we kabul ediji ýurt Gazagystan ýaly alty ýurduň küştçileri gatnaşýar.
Bäsleşige 134 türgen gatnaşýar, olaryň 88-i erkekler we 46-sy zenanlar. Türkmen milli ýygyndysynyň düzümine 11 küştçi girýär.
Bäsleşigiň baýragy 20 000 dollar erkekler bilen aýallaryň arasynda deň paýlanar. Ýeňijileriň hersi 3000 dollar, ikinji orny eýelänleriň hersi 2500, üçünji orun – 1500 dollar, dördünji – 1200 dollar, bäşinji – 1000 dollar, altynjy bolsa 800 dollar gazanar.
Ýeri gelende bellesek, ilkinji gezek Türkmenistanyň wekili – ýurduň Küşt federasiýasynyň başlygy Wepa Mälikgulyýewiň abraýly resmi ýaryşyň Şikaýat komitetine goşulandygy bellärliklidir.